• [1]. Türkmenler (Günorta) Mukaddes Injil - Johnahýanyň Hoş Habary 19: 1-18.mp4

  • Feb 2 2023
  • Duración: 5 m
  • Podcast

[1]. Türkmenler (Günorta) Mukaddes Injil - Johnahýanyň Hoş Habary 19: 1-18.mp4  Por  arte de portada

[1]. Türkmenler (Günorta) Mukaddes Injil - Johnahýanyň Hoş Habary 19: 1-18.mp4

  • Resumen

  • [1]. Туркменская (Южная) Библия - Евангелие от Иоанна 19:1-18.mp4 / Turkmen(Southern) Holy Bible - Gospel of John 19:1-18.mp4 // 1 KORINTOSLYLAR 15 - Direliş baradaky Hoş Habar1Indi bolsa, eý, doganlar, size wagyz eden Hoş Habarymy ýatladyp geçmekçi. Siz ony kabul edip, onda berk dursuňyz. 2Size wagyz eden Hoş Habarymy gaýym tutsaňyz, ol arkaly halas bolarsyňyz. Tutmasaňyz, biderek ýere iman etdigiňiz bolar. 3Çünki men kabul edenimi örän wajyp habar hökmünde size-de gowşurdym. Bu habar, ine, şundan ybarat: Mukaddes Ýazgylara görä, Mesih biziň günälerimiz üçin öldi. 4Ol jaýlanyp, Mukaddes Ýazgylara görä hem üçülenji gün diýlende direldi. 5Onsoň Isa Mesih Petrusa. 15:5 Petrus – grekçe Kepas, bu Petrusyň beýleki ady., soň Onkilere göründi. 6Mundan soň Ol şol bir wagtyň özünde bäş ýüzden-de gowrak dogana göründi. Bu doganlaryň käbiri eýýäm aradan çykdy, ýöne aglaba bölegi häzir hem diri. 7Soňra Ol Ýakuba göründi, soň resullaryň ählisine göründi. 8Iň soňunda bolsa maňa, ýagny şeýle derejä asla mynasyp bolmadyga göründi. 9Çünki men resullaryň arasynda iň kiçisidirin. Men hatda resul adyny almaga-da mynasyp däl, sebäbi Hudaýyň ýygnagyna azar beripdim. 10Emma men nähili bolsam-da, diňe Hudaýyň merhemeti arkaly şeýle boldum. Onuň maňa eden merhemeti puja çykmady: men hemmelerden-de köp zähmet çekdim. Aslynda muny men däl-de, maňa ýar bolan Hudaýyň merhemeti etdi. 11Şunlukda, isle men bolaýyn, isle-de beýleki resullar bolsun – tapawudy ýok: biz bu Hoş Habary wagyz edýäris, siz-de oňa ynandyňyz.
    Más Menos
activate_primeday_promo_in_buybox_DT

Lo que los oyentes dicen sobre [1]. Türkmenler (Günorta) Mukaddes Injil - Johnahýanyň Hoş Habary 19: 1-18.mp4

Calificaciones medias de los clientes

Reseñas - Selecciona las pestañas a continuación para cambiar el origen de las reseñas.